Hormatly Prezidentimiziň dost-doganlyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp amala aşyrýan daşary syýasatynyň netijesinde Watanymyzyň halkara abraýy barha artýar. Dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýar. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň ençeme ýurtlary we halkara guramalar bilen saglygy goraýyş, daşky gurşawy goramak, senagat, oba hojalygy, bilim, medeniýet we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürip, bilelikdäki taslamalary amala aşyrýar.
Döwletimiz dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam bermek, halkara gatnaşyklar ulgamynda milli we ählumumy bähbitlerden ugur almak ýaly belent maksatlary çelgi edinip, dünýä ýurtlary bilen strategik gatnaşyklary barha pugtalandyrýar. 1-nji noýabrda paýtagtymyzda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň geçirilmegi hem munuň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Foruma ýurdumyzyň başlyklyk etmegi Bitarap Türkmenistanyň sebitde we dünýäde abadançylyga, ygtybarly durmuş-ykdysady ösüşe mynasyp goşandyny goşýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýar.