22-23-nji noýabrda Beýik Britaniýanyň London şäherindäki Direktorlar institutynda «Türkmenistan — maýa goýum we ösüş» atly işewürlik forumy geçiriler. Maýa goýum forumyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti, Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçy düzümi gatnaşar. Şeýle-de maliýe we karz, nebitgaz, gurluşyk, inženerçilik, halkara söwda we eksport, telekommunikasiýa, energetika, maşyngurluşyk, oba hojalyk tehnikasynyň önümçiligi, port operatorçylyk hyzmatlary, himiýa, azyk senagaty, aragatnaşyk, senagat önümçiligi, uçarlaryň önümçiligi, maslahat beriş hyzmatlary, logistika ýaly ugurlarda iş alyp barýan dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan onlarça edaradyr kompaniýalaryň wekilleri myhman bolarlar.
Forumyň ilkinji güni «Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum mümkinçilikleri» atly mowzugy bilen badalga alar. Şeýle-de «Energiýa ulgamynyň geljegi: nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk, täzelenýän we ýaşyl energiýa hem-de wodorod energetikasy», «Maliýe, bank we ätiýaçlandyryş ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri», «Maglumat tehnologiýalar, telekommunikasiýa, ulag we logistika pudaklarynda Türkmenistanyň infrastrukturasyny ösdürmäge maýa goýumlar», «Daşky gurşawy goramak, oba we suw hojalygy hem-de gaýtadan işleýän pudaklarda maýa goýum mümkinçilikleri» atly mowzuklar bilen dowam eder.