Ýurdumyzda häzirki zaman köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamy kemala gelýär. Üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini giňden durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz halkara ulag gatnawlarynda eýeleýän öz mynasyp ornuny barha berkidýär.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň beýleki harby we hukuk goraýjy edaralarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hem işler sazlaşykly we halkara derejesine laýyklykda, sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri arkaly amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijiligini ýokarlandyrmaga, gümrük serhediniň üstünden geçýän haryt dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna ýardam berýän şertleri döretmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.