Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli we netijeli peýdalanmakdan, ony geljekki nesillerimize ýetirmekden hem-de bu ugurda sebit we halkara derejesinde hyzmatdaşlygy üstünlikli alyp barmakdan ybaratdyr.
Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde we welaýatlarymyzda tokaý zolaklarynyň emele gelmeginiň, Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmeginiň, Garagum sährasynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagynyň hem-de ýerleriň zaýalanmagynyň we çölleşme hadysasynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň diňe bir ýurdumyz üçin däl-de, eýsem, tutuş sebit üçin hem örän uly ähmiýeti bardyr.