«CZN Burak» restoranlar tory Aşgabatda şahamçasyny açmak isleýär

12 Noýabr 2023
837

Ýokary hil, köpdürlülik we amatlylyk. Bular türkmen işewürleriniň halkymyza hödürleýän hyzmatlary bilen manydaş sözler. Hormatly Prezidentimiziň döredýän şertlerinden ruhlanýan türkmen telekeçileri soňky ýyllarda hyzmatlar ulgamynda uly öňegidişlik gazanyp, halkara tejribesini yzygiderli özleşdirýärler. Şolaryň biri hem telekeçi Mergen Begenjowdyr. Hormatly Prezidentimiziň oktýabr aýynyň ahyrynda Türkiýe Respublikasyna bolan ilkinji resmi saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-türk işewürlik forumynda tejribeli telekeçiniň bütin dünýäde «CZN Burak» ady bilen tanalýan türkiýeli ussat aşpez Burak Özdemir bilen paýtagtymyzda onuň meşhur restoranlar torunyň şahamçasyny açmak barada gazanan ylalaşygy eýýämden ildeşlerimizde uly gyzyklanma döredýär. Şu mynasybetli biziň tanymal aşpez we täze taslama baradaky söhbedimiz hem ussatdan öwrenmegiň ussatlyga ýetmäge kömek edýändigini görkezer.

Akyldarlaryň biriniň aýdyşy ýaly, şol bir iş bilen müňlerçe adam meşgullanýan bolsa-da, ony üýtgeşik ýerine ýetirmegi başarýanlar üstünlik gazanýandyr. Özüniň mähirli ýylgyryşy we taýýarlaýan lezzetli tagamlary bilen adygan
29 ýaşly aşpez Burak Özdemiriň üstünliginiň syry hem bu hakykata aýdyň mysal bolup biler. Şol mähirli ýylgyryşyň yzyny üzmezden, kamera seredip taýýarlanýan lezzetli tagamlary ýaş aşpeze millionlaryň arasyndan saýlanmaga kömek etdi. Ýöne üstünlige barýan ýol ýeňil hem gysga bolmaýar.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».