8-nji noýabrda paýtagtymyzda «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleriniň Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy boldy.
Onuň dowamynda türkmen tebigy gazyny goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň çäklerinden «swap» usulynda Yraga ibermegi guramak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Mundan başga-da, taraplar gaz pudagynda geljekde bilelikde işlemegiň hukuk, täjirçilik, maliýe, guramaçylyk şertlerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.