Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy sammitine gatnaşmak üçin, sapar bilen Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherine geldi.
Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Aripow, Daşkent şäheriniň häkimi Ş.Umurzakow, Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri we türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.