Bereket-bolçulygyň baýramy
Güýz pasly berekede baý pasyl. «Jüýjäni güýz sanaşarys» diýilýän döwürde edermen daýhanlarymyz bütin ýylyň dowamynda ene ýere hyzmat edip, ýetişdiren hasylyny ýygnaýar. Altyn güýzüň ajaýyp günlerinde janypkeş daýhanlaryň çekýän halal zähmetiniň şanyna Hasyl toýy uly dabara bilen bellenilýär. Ýurdumyzda galla, pagta we beýleki oba hojalyk önümlerini ýetişdirýän, topraga alyn derini siňdirýän daýhanlarymyza belent sarpa goýulýar. Hasyl toýy daýhanlaryň çekýän zähmetine goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýunyň bellenilmegi daýhanlaryň çeken zähmetiniň miwesini görmäge mümkinçilik döredýär.