Türkmenistan — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy: täze gözýetimleri nazarlap

8 Noýabr 2023
826

Halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatdaky hyzmatdaşlyk köpugurly bolup, ählumumy hem-de sebitleýin howpsuzlyk, durnukly ösüş nukdaýnazaryndan, maksatlaryň, wezipeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilen möhüm meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar.

Häzirki wagtda halkara we sebitleýin guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyga sebit ösüşiniň oňyn şertleriniň biri hökmünde garaýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz bu gurama agza döwletler bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary üstünlikli dowam etdirýär. 8-9-njy noýabrda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkentde geçiriljek YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy sammitinde bu guramanyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini agza döwletleriň hem-de dünýä bileleşiginiň bähbitleri üçin peýdalanmagyň geljegi uly ugurlary öz beýanyny tapar.

Täzegül KULJIKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.