4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ir bilen Köpetdagyň eteginde täze gurlan 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athana baryp, ol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Soňra döwlet Baştutanymyz Arkadag şäherinde geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy we agaç nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümine badalga berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmegiň ýazky hem güýzki möwsümlerini geçirmek indi ýurdumyzda köp ýyllardan bäri asylly däbe öwrüldi. Her ýyl iki tapgyrda tutuş ýurdumyz boýunça ählihalk ýowary guralyp, saýaly, miwеli hеm-de pürli agaçlaryň milliоnlarça düýbi оturdylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde — Köpetdagyň eteklerinde, her bir şäheriň, obanyň töwereginde, derýalaryň kenarlarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Garagumuň jümmüşinde kemala gelýän «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde tokaý we seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi halkymyzyň yhlasly zähmetiniň netijesidir. Mahlasy, ýurdumyzda bagy-bossanlygy döretmekde toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Çünki bag — dünýäniň bezegi, ýaşaýşyň ýakymy, durmuşymyzyň manysy.