Dodrentalis greenovia ýogyn baldaklylar maşgalasyna degişli bolan otjumak sukkulent ösümlik hasaplanýar. Bu ösümlik ilkinji gezek XVIII asyrda Ýewropa ýurtlarynda iňlis botanigi Filipp Barner we fransuz alymy Sabin Bertelo tarapyndan öwrenildi. Dodrentalis greenovia Kanar adalarynyň gurak, çägeli we daşly sebitlerinde giňden ýaýrandyr.
Dodrentalis greenovianyň boýunyň uzynlygy 15 – 20 santimetre deň bolýar. Ösümligiň ýogyn, gysga, şahalanmaýan baldaklary bar. Onuň ýapraklary dürli ululykda bolýar. Dodrentalis greenovianyň ýogyn, şireli, ýylmanak, açyk ýaşyl reňkli ýapraklary dykyz ýerleşýär. Dykyz ýerleşen ýapraklary ýaşyl bägüli ýatladýar.