Aşgabat — ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň torunda

7 Noýabr 2023
964

2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berlişi ýaly, şu ýylyň 31-nji oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýän Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň merkezi edarasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Şol gün — Şäherleriň bütindünýä gününde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilýändigi babatda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň çözgüdi yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýörite habarçymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar RUSTEMOWA birnäçe sowal bilen ýüzlendi.

— Çynar Täjiýewna, bu şatlykly waka mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýarys hem-de dizaýn şäheri hökmünde Aşgabadyň abraýyny halkara derejede belende götermekde alyp barýan işleriňizde geljekde hem uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Söhbetdeş bolan Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».