Yzygiderli we netijeli içerki ösüşiň möhüm ugurlarynyň biri has oňaýly daşarky şertleri döretmekden ybaratdyr. Şeýle şertleriň kemala getirilmegi Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyndaky ýörelgelere we kadalara esaslanan parasatly, oýlanyşykly, öňdengörüjilikli daşary syýasat ýörelgeleriniň netijesinde amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda döwletleriň birek-birege özara hormat goýmagy we deňhukuklylygy esasy orny eýeleýär.
Şu möhüm düzgünlere daýanyp, hemişelik Bitarap türkmen döwleti Milletler Bileleşigine agza bolmagynyň 30 ýyldan gowrak döwrüniň içinde halkara gatnaşyklaryň tutuş ulgamynyň ösdürilmegine, häzirki wagtda ählumumy Gün tertibiniň öňünde durýan giň gerimli meseleler boýunça BMG-niň çözgütlerini işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge uly goşant goşdy. Şeýle ugurlaryň biri energetika durnuklylygydyr we howpsuzlygydyr, halkara energetika hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekdir. Türkmenistanyň energetika pudagynda halkara ähmiýetli teklipleri dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen çözgütlerde beýanyny tapyp, iri energetika taslamalarynyň birnäçesiniň iş ýüzünde amala aşyrylmagy mynasyp dowam etdirilýär.