Türkmenistanyň alymlary ilkinji bolup suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjyny aldylar. Bu barada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wodorod energetikasy merkeziniň direktory Hakberdi Hoşdurdyýew 25 — 27-nji oktýabrda Aşgabatda geçen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.
Onuň belleýşi ýaly, wodorod energetikasy merkeziniň barlaghanasynda suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjyny almak boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar, tejribe desgasyny ulanmak boýunça usuly gollanma taýýarlanylýar.