3-nji noýabrda Balkan welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
Işewür «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň biziň ýurdumyz bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyna buýsanýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine dostlukly döwletiň kompaniýalarynyň, şol sanda «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň uly goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik esasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk üçin Türkmenistanyň hemişe açykdygyny nygtady.