Ýurdumyzda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýbüni ekmek meýilleşdirildi. Ýazky köpçülikleýin bag ekişlik döwründe oturdylan ýaşajyk nahallaryň 1,5 milliony eýýäm ene topraga kök urup, joşgunly ýaşaýşa goşuldy. Şu gün hem hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berilmegi diňe bir ýaýlalaryň däl, eýsem, tutuş ynsan ömürleriniň gül-pürçüge bürenjekdiginiň nyşanydyr.
Mele toprak baglary bilen görkli. Bag-bakjaly, dal-daragtly, gül-gunçaly, çeşme-çaýly ýerler bize lezzet eçilip, ýadawlygymyzy aýyrýar, ruhumyzy ganatlandyrýar. Şoňa görä-de, atalarymyz perzentlerini zähmet atly uly şaýola salanlarynda, ilki bilen, olara bag ekmegi ündäpdirler. Bag nahalyny oturtmak, bakjalary gämikletmek sogap saýylypdyr. Ekerançy pederlerimiz miweleriň iň oňat görnüşlerini ýetişdiripdirler. Her biri ýumruk ýaly alýaňak almalar, agzyňda eräp barýan gyzyl şetdalylar jahankeşdeleri haýran galdyrypdyr. Taryha ser salanymyzda, Gaznaly türkmen döwletini dolandyran Mahmyt Gaznaly (962 — 1030) öz döwrüniň iri şäherlerinde baglary köpçülikleýin oturtdyrypdyr, uly seýilgähleri gurdurypdyr. Gaznada ýetişdirilen süýji almalaryň Hindistana äkidilip satylandygy barada gyzykly maglumatlar bar.