Şu ýylyň 4-nji noýabrynda mähriban Diýarymyzda ählihalk bag ekişliginiň güýzki möwsümine badalga berilýär. Biziň welaýatymyzyň ýaşaýjylary hem bu çärä işjeň gatnaşýarlar. Ildeşlerimiziň bag ekmek ýaly watançylyk hereketine her ýyl işjeň goşulmaklary olaryň Watana bolan söýgüleriniň guwandyryjy güwäsine öwrülýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bag ekmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek ajaýyp däplerimiziň birine öwrüldi. Sebäbi biz mähriban Watanymyza bolan söýgimiziň tebigat bilen baglanyşyklydygyna oňat düşünýäris. Bag ekýäniň kalby hem gözel, ruhy hem belent. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu ajaýyp däbimiz täze röwüşlerde ösdürilýär. Bag ekmek ýaly sogaply iş diňe bir oba-şäherlerimizde däl, eýsem, ýurdumyzyň tutuş çäginde ýaýbaňlandyrylýar. Gadymy Lebabyň ýaşaýşylary hem bag ekişligiň ýazky we güýzki möwsümlerine işjeň gatnaşýarlar.