Ýetginjeklik döwründe çagalar ene-atanyň gözegçiliginden çykmaga höwesek bolýarlar, olaryň talaplaryny we düzgünlerini inkär edýärler. Çagalar üçin öz ýaşytdaşlarynyň aýdýan zatlary, edýän hereketleri has täsirli, ynandyryjy bolýar. Bu ýagdaýy nädip düzetmeli? Ilki bilen, çagalara özümiziň ýetirip biljek täsirlerimizi seljermeli. Biz derrew gaharlanmak bilen bolýarys. Gaharymyza bäs gelip bilmänem, olara ýowuz daraýarys. Olaryň pikirini diňlemeýäris. Özümiz baradaky tankytlaryny kabul etmeýäris.
Käbirlerimiz bolsa mylaýym, hoşniýetli bolup, çagalar bilen bir hörpden gopup, olar bilen «dost» bolýarys. Ýa-da bolmasa, özümiziň zerurlygymyzy we ähmiýetlidigimizi, gereklidigimizi her ädimde görkezýäris, üznüksiz takal okaýarys, özümiziň şol ýaşda akylly bolandygymyzy, gazanan üstünliklerimizi, çaganyň bolsa ýeterlik başarnykly däldigini tekrarlaýarys. Ýene birimiz köp işleýändigimizi, çaga terbiýesine wagtyň galmaýandygyny, onuň dünýä inmegi bilen köp zatdan mahrum bolandygymyzy, çagany kemala getirmek üçin näçe güýjüň sarp edilýändigini yzygiderli gürrüň berýäris.