Çalasyn jandar

25 Oktýabr 2023
1137

Owadan, örän çalasyn hem-de gazaply ýyrtyjy haýwanlaryň biri daglaryň ýokarky çäklerinde gabat gelýän alajagaplaňdyr. Ýurdumyzyň uly we kiçi Balkan daglarynda, Köpetdagda, Bathyzda, Köýtendagda gabat gelýän bu täsin jandaryň bedeniniň uzynlygy 130 — 180 santimetre ýetýär. Onuň uzyn aýaklary örän çeýe, diýseň berdaşly bolup, penjeleri ýaýbaňdyr. Alajagaplaňyň ömrüniň dowamlylygy 12 ýyldan 17 ýyla çenli bolup, boýunyň beýikligi 60 — 70 santimetre ýetýär.

Alajagaplaň daglardaky beýikligi 5 — 6 metr bolan arçalara säginmän münüp, aşak düşende başaşaklygyna düşýär. Onuň ýene-de bir täsin tarapy özünden 3 esse agyr awunyň etini şol 5 — 6 metrlik arça dessine galdyryp bilýänligidir. Alajagaplaň, adatça, ýeke ýaşaýar. Alajagaplaňyň erkeginiň gezýän meýdany 2-3 sany ene ýyrtyjynyň ýaşaýan çägini öz içine alýar. Esasy iýmiti ot iýýän jandarlardyr. Ol awuny 1,5 kilometrden görýär.

Näzik ÖWEZOWA,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri.