Grek hozy

18 Oktýabr 2023
1299

Hozuň maňzynyň adamyň saglygy üçin peýdalydygy gadymy döwürlerden bäri bellidir. Meşhur alym we lukman Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň eserlerinde hem hozuň peýdasy barada aýdylýar. Ol hoz maňzyny zäherlenme zerarly bedene zyýan ýetende ulanmagy maslahat beripdir. Muhammet Hüseýiniň «Melhemler hazynasy» atly eserinde: «Hoz bedeni ýumşadýar, aşgazanda iýmitiň siňdirilmegine ýardam edýär, beýnini, ýüregi we bagry berkidýär» diýip bellenilip geçilýär. Türkmen halk lukmançylygynda hem bişmedik hoz we onuň dermanlyk şiresi  peýdalanylypdyr.

Ýurdumyzda bu agajyň bir görnüşi duşýar. Oňa grek hozy diýilýär. Uzak ýaşaýan agaçlaryň hataryna girýän grek hozy beýleki hozlardan peýdalydygy bilen tapawutlanýar. Onuň düzüminde A, E, B, C, K witaminleri, sink, ýod, demir bar. Grek hozy belogyň, gymmatly ösümlik ýaglarynyň çeşmesidir. Alymlar her gün grek hozuny iýýän adamlaryň ýürek kesellerinden az ejir çekýändigini, infarktyň we insultyň ösmek töwekgelçiliginiň pesdigini aýdýarlar.