Obamyzyň sylagly ýaşulularynyň biri Meret aga: «Täsin gözelliklere baý, hoştap howaly, sährasy seleň, hassany sagaldýan türkmen tebigatynyň ynsana eçilen eşretleri barmak basyp sanardan köpdür, ol giden bir ummandyr» diýip gaýtalamagy gowy görýär. Söýgi hakdaky rowaýaty şol gaýtalap gürrüň bermek hem onuň ýene bir gowy görýän zady. Ine, ol bu günem alyslara nazar salyp, haly düşelen sekiniň üstünde çuň oýa çümüp, joýa baglan çygjaran maňlaýyny ýaglyk bilen süpürip, bilguşagyny düzedişdirip, ýene şol gürrüňine başlady...
Eždatlarymyzyň mesgen tutan, ýagşyzadalardan medet tapan sahawatly türkmen ýaýlasynda dilden-dile geçip, rowaýata öwrülen gürrüňini berjek wakam iki asyra golaý mundan öň gum etegini ýakalap oturan küren obada bolupdyr. Garagum diýlende, ol ulgam-ulgam gerişli, aklaňly, kümüşsöw ürgün çägeli çöl däl, gözel sähra bolup, göýä diýersiň täsin bir gudrat bilen ýaradylan behişde meňzeýär. Tebigatyň jana şypa mylaýym şemalyna çalaja ygşyldaýan gyrymsy agaçlaryň ene hüwdüsini ýada salýan sazlaşykly owazy ynsan kalbyny joşa getirse, mawy asmanda peýda bolýan goýry bulutlaryň ýagyş damjalary tomsuň jokrama yssysyna, gyşyň şatlama aýazyna döz gelýän ene topragyň goýnundan böwsüp çykjak gök maýsalary janlandyrmaga ymtylýar.