ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawynda
Jemgyýetçilik durmuşy islendik ýagdaýda-da gönüden-göni daşky gurşaw bilen baglanyşýar. Daş-töweregimizi gurşap alan tebigat umumy öýümizdir. Şol sebäpli hem onuň her bir bölegini goramak, gadyr-gymmatyna düşünmek we geljekki nesillere aýawly ýagdaýda ýetirmek Ýer ýüzünde ýaşaýan ähli adamlaryň esasy borçlarynyň biridir. Daşky gurşawyň bitewi bolşy ýaly, ony goramak we aýawly saklamak meselesem bütindünýä häsiýetine eýedir. Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bu ugurda ençeme maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.