Maşgala mertebesi — pederleriň ýörelgesi

12 Oktýabr 2023
1494

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerindäki nesihatlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy babatda uly işleriň durmuşa geçirilýändigi diýseň buýsandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 24-nji sentýabrynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Biz ýaş raýatlaryň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, ýaş çatynjalara goldaw bermek, olary häzirki zaman ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça alyp barýan işlerimiziň gerimini has-da giňelderis» diýip nygtamak bilen, Ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek babatdaky işleri has-da güýçlendirmegiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly dürdäne eserinde: «Maşgala ojagynda berlen terbiýäniň perzendiň tutuş geljegine täsir edip bilýändigi hakykatdyr. Gül-gunçaly bagtyýarlygyň ilkinji gämikleri öýde — maşgala ojagynda peýda bolýar. Dogry-dürs berlen terbiýe ynsanyň dünýä hem-de durmuşa bolan garaýyşlarynyň özenini düzýär» diýip, çuňňur bellemek bilen, döwletiň sütünleriniň berk bolmagy üçin nesilleriň terbiýesine juda jogapkärli çemeleşmegimiziň wajypdygyny nesihat edýär. Alym Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, geljekde biz öz ýaşlarymyzy nähili keşpde, orunda, mertebede görmek isleýän bolsak, olara şu wagtdan şol terbiýäni bermegimiz gerek.

Döwlet AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.