Ýaş şäheriň gojasy

4 Oktýabr 2023
1532

Ýaşulusyna geňeş salyp, olary sylap, nesillere görelde bolup gelen türkmen halky zandy edepli diýilýänlerden. Maşgala, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda uly orun degişli bolan ýaşuly nesliň wekillerine şu günki ýaş nesliň hem sarpasy uludyr. Çünki ýaşulular görüm-görelde mekdebidir. Aýdymda «Ýaşlaryň arasynda garrylar gerek» diýilmesi hem ýöne ýerden däl. Eşretli zamanyň hözirini görüp ýaşaýan togsany erňekläberen Şamyrat Nazarow hem Arkadag şäheriniň iň ýaşy uly ýaşaýjysy. Tüweleme, dört ogul, alty gyzy il hataryna goşan Şamyrat aganyň kyrk üç agtygy, ýetmiş dört çowlugy bar.

— Şamyrat aga, ýurt garşy alsyn!

Söhbetdeş bolan Nowruz ÝEGENMYRADOW.
«Arkadag».