Telekeçilik ösüş ýolunda

23 Awgust 2023
1392

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň giň gerimli özgertmelerinde hususy pudagyň goşandy bimöçberdir. Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryna geçmekde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, ykdysadyýetde döwlete dahylsyz pudagyň paýy barha artýar. Anyk mümkinçiliklere, ylmy esaslandyrmalara daýanýan bu wezipeleri durmuşa geçirmegiň barşynda ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna degişli köp sanly kiçi we iri senagat kärhanalary döredilýär.

Döwlet derejesinde berilýän goldaw-hemaýatlaryň netijesinde welaýatymyzda hem hususy ulgama degişli kärhanalaryň birnäçesi öz işini üstünlikli ýola goýmagy başardy. Gurluşyk pudagyna degişli dürli önümleri öndürýän Türkmenbaşy etrabyndaky «Akgaýa» hojalyk jemgyýetini, Balkanabat şäherindäki «Giň dere», «Zürýada hyzmat» hususy kärhanalaryny şeýle kärhanalaryň hatarynda görkezmek bolar. Bu kärhanalaryň öndürýän dürli görnüşli gurluşyk önümleri sarp edijileriň arasynda durnukly artýan isleglerden peýdalanýar.

Ogulbäbek Nurgulyýewa,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň baş buhgalteri.