Ylym menzillerinde

23 Awgust 2023
1516

Ejegül demir ýol gullukçysynyň maşgalasynda dogulýar. Kakasy ir ýogalandan soň, alty çaganyň iň ulusy hökmünde ejesine kömek edýär. Aşgabadyň 12-nji orta mekdebini üstünlikli tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh-hukuk fakultetine okuwa girýär. Uniwersitetde okaýarka, öz mugallymy, taryh ylymlarynyň doktory, professor Annageldi Gubaýewiň ýolbaşçylyk edýän arheologiýa gurnagyna gatnaşýar. 1973-nji ýylda uniwersiteti tapawutlanan diplom bilen tamamlandan soň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň arheologiýa bölüminde işe başlaýar. Şol ýyl taryh ylymlarynyň doktorlary, arheologlar Ýegen Atagarryýewiň we Hemra Ýusubowyň ýolbaşçylygynda Şähryslama guralan arheologiýa ekspedisiýasyna gatnaşýar. Bu onuň ilkinji ekspedisiýasydy. Ol şonda meýdanda işlemegiň öz aýratyn kynçylyklarynyň bardygyna garamazdan, gazuwda ýüze çykarylýan her bir tapyndyny eliňe almagyň, üsti açylýan jaýlaryň galyndylaryny görmegiň we täze maglumatlary toplamagyň üýtgeşik lezzetiniň bardygyna göz ýetirýär.

Ejegül A.Gubaýewiň, Ý.Atagarryýewiň, H.Ýusubowyň, W.Pilipkonyň, I.Masimowyň ekspedisiýalaryna gatnaşyp, hersinden arheologiýanyň çylşyrymly tärlerini öwrenýär. Ol daşary ýurtly tanymal alymlaryň ekspedisiýalaryna hem gatnaşýar. Olardan W.M.Massonyň «Altyndepe», I.N.Hlopiniň «Sumbar», W.I.Sarianidiniň «Marguş», N.F.Solowýowanyň «Ýylgynly» türkmen-rus, O.Lekont bilen S.Kleziunyň «Gökjük» türkmen-fransuz, S.Salwatori we B.Çerazettiniň «Margiana» türkmen-italýan, B.Kaimiň «Meleheýran» türkmen-polýak, H.M.Kordobanyň «Yzzatguly» türkmen-ispan ekspedisiýalary E.Myradowa tejribe toplamaga ýardam edýär.

Nurgözel BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri.