Sarp edijilere ugradyldy

12 Awgust 2023
1267

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Polimer önümleri» zawodynda çykarylýan polietilen hem polipropilen turbalaryň uly tapgyry baglaşylan şertnama esasynda sarp edijilere ugradyldy. Senagat ulgamyny sanlylaşdyrmak maksady bilen ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, oturdylan iň kämil enjamlar önümleriň möçberini artdyrmaga hem-de hilini ýokarlandyrmaga, iň esasy-da, önümçilik ulgamlarynda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ýyllyk kuwwatlylygy 920 tonna barabar kärhanada işçi-hünärmenleriň 90-a golaýy zähmet çekýär. Bu ýerde ululygy 16 millimetrden 315 millimetre çenli ölçegli turbalaryň 23 görnüşi öndürilýär. Olar gurluşyklarda, lagym, suw geçiriji ulgamlarda giňden ulanylýar.

Hojalyk hem tehnologik işleriň göwnejaý guralmagy netijesinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 7 aýynda zawod boýunça dürli ululykdaky turbalaryň 212 tonna golaýy, şeýle hem maýyşgak gurşawlaryň, azyk önümlerini salmaga niýetlenilen bir gezek ulanylýan gapjagazlaryň, bulgurlaryň we beýleki polimer önümleriniň 4,7 tonna golaýy öndürildi.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).