Binagärligiň täze nusgasy

3 Awgust 2023
1620

Mälim bolşy  ýaly, şu ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alan ýerinde gurlan bu şäher kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe boldy. Bu täsin şäheriň gurulmagy ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina bolan we häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir. Uly arzuwlary, beýik maksatlary bir ýere jemlän «akylly» şäherde şol gün «akylly» öý tehnologiýalary ornaşdyrylyp gurlan döwrebap 5, 7, 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly kottejler we durmuş ähmiýetli onlarça edara binalary ulanylmaga berildi.

Şol gün Arkadag şäheriniň Adalat müdirliginiň binasy hem açyldy. Arkadag şäheriniň Adalat müdirliginiň edara binasynyň açylmagy Türkmenistanyň adalat edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Oguljemal GARLYÝEWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Aşgabat şäher müdirliginiň Bagtyýarlyk etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy.