Şöhratly taryhyň goýnunda

2 Awgust 2023
1392

Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistan dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojaklarynyň arasynda özboluşly köpriniň hyzmatyny ýerine ýetiripdir.

Türkmen halkynyň gojaman taryhynda öçmejek yz galdyran, gadymy we orta asyr ýurtlaryň territorial araçäkleri, ýerleşýän ýerleriniň taryhy, arheologlar, gündogary öwreniji alymlar tarapyndan döwürlere bölüp öwrenildi. Alymlar tarapyndan öwrenilen ylmy-barlag işleriniň arasynda, orta asyr Horasanyň ýerlerinde ýerleşen Ariýa ýurdy baradaky taryhy maglumatlar, gadymy-antiki we orta asyr medeni we syýasy ösüşleri bilen berk baglanyşykly bolup, sebitiň çäk ýerleriniň taryhyny öz içine alýar. Taryhy nukdaý nazardan seredenimizde, orta asyr Horasanyň sähraýy ýerlerinde ýerleşen, gadymy Ariýa ýurdy baradaky maglumatlar Türkmenistanyň taryhynyň bir ülşi bolup durýar. Bu geografiki ýerleriň taryhyny ilkinji bolup görnükli gündogarşynaslar we arheologlar W. A. Žukowskiý, ­W. W. Bartold, A. Ý. Ýakubowskiý, W. M. Masson, I. N. Hlopin, Ý. Ý. Kuzmina, H. Ýusubow we Ö. Gündogdyýew tarapyndan öwrenilip, ylmy esasda beýan edildi.

Orazgeldi AŞYROW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.