«Bir nahal ekseň ýaşyň baky», «Ýüz agaç eken oduna gitmez», «Ýaşlygynda nahal ekmedik, garranda oturmaga kölege tapmaz» diýen ýaly çuň manyly nakyllary döreden pederlerimiz adamzadyň durmuşdaky ähli zerurlyklary, ilkinji nobatda, tebigatdan alýandygyna çuňňur düşünmek bilen, oňa örän aýawly çemeleşipdirler. Dürli miweli, saýaly baglary ekip, ýetişdirip geljekki nesillere ýetirmegi sogaply hem parz iş hasaplapdyrlar. Şolaryň arasynda güjüm, dagdan, kerkaw, çynar, tut ýaly agaçlar aýratyn arzylanypdyr.
Baý ösümlik dünýäsine eýe bolan türkmen topragynda, beýleki peýdaly agaçlar bilen birlikde, güjüm agajynyň hem birnäçe görnüşi ösýär. Bu täsin agaç öňler, esasan, Daşoguz welaýatynda köp ýetişdirilen bolsa, häzirki wagtda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde diýen ýaly ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň ekologik taýdan-da, gündelik durmuş zerurlygy jähetinden-de ähmiýeti hemişe uly bolupdyr.