Gökdere — çagalaryň sapaly jülgesi

31 Iýul 2023
1069

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň tomusky dynç alyş möwsümi türkmen tebigatynyň iň ajaýyp künjekleriniň biri bolan Gökdere jülgesinde dowam edýär. Bu ýerde ýaş nesilleriň wagtyny peýdaly, rahat, täsirli geçirmegi üçin ähli şertler doly döredilendir. Ýaşlaryň düşünjeli, ruhy hem beden taýdan sagdyn bolmagy üçin dynç alyş merkezleriniň uly ähmiýeti bar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Çeşme» çagalar dynç alyş merkezi hem mekdep okuwçylarynyň ýylyň-ýylyna höwes bilen gelip, dynç alýan täsin künjegidir.

Dynç alyş merkeziniň türkmen tebigatynyň juda owadan ýerinde ýerleşendigini turuwbaşdan bellemek gerek. Giden giňişlikde uly baglaryň arasynda ýerleşýän «Çeşme» her tapgyrda çagalaryň ýüzlerçesini özünde jemleýär. Uzak ýyllaryň dowamynda adamlara saýasyny salan belent, Gün geçmez baglar bu ýeriniň bezegidir. Meýdançalardaky we suwly çeşmäniň boýundaky baglary, esasanam, daglara bäs edýän arça tokaýlygyny synlanyňda göwnüň göterilýär. Bu ýeriniň arassalygy, sergin dag howasy, durnanyň gözi ýaly dury çeşme suwy, baglaryň goýry kölegesi tomsuň yssy howasyny ýagşy jylawlaýar we merkezi jana ýaramly, salkyn, jenneti mesgene öwürýär. Şu tapgyrda «Çeşmede» ýaşlaryň ýüzlerçesi dynç alýar. Olar ýurdumyzyň ähli sebitlerinden we Aşgabat şäherinden gelen çagalardyr.

Sapar ATABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.