«7/24 tm» № 31 (166) 31.07.2023
Amyderýanyň kenarlarynda seleň ýerler az däl. Ýöne ol seleňlikde başga dürli janly-jandarlara gabat gelseňem, sugunlara aňsat-aňsat duşaýmarsyň. Ýogsam Amyderýanyň akymynyň hem-de oňa ýakyn ýerleşýän çöl bölümleriniň ekologiki ulgamlary tüýs şeýle jandarlaryň ýaýnap ýaşamagy üçin örän amatly şertler bilen üpjündir. Ulgam-ulgam çägelikler, aklaňlar, şorluklar bolsa tüýs özüňi gözlerden gizlemek üçin oňaýly şert döredýän gyrymsy agaçlaryň mekany bolup durýar. Jeýhunyň wagtal-wagtal ugruny üýtgedip durmagy netijesinde asyrlaryň dowamynda emele gelen jeňňel ekoulgamy Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy tarapyndan gözegçilikde saklanylýar.