«Diýarda» Diýaryň waspy» atly döredijilik bäsleşigine

26 Iýul 2023
1318

Bahara çalymdaş Bathyz

Bathyzyň her pasyl neneňsi gözelliklere beslenýändigi dessine göz öňüňizde janlanýandyr. Bu gözel mekanyň arzuwlar ýaly owadan dünýäsi gözellige teşne kalbymyzyň tesellisidir. Bathyz belentligi diýlip ylmy-geografik adalga bilen atlandyrylýan bu mekan hakynda biz nämeleri bilýäris?! Bu dag-depeli relýefi—ýer gurluşy bolan künjek Parapamyz daglarynyň demirgazyk dag etegidir. Onuň käbir ýerleri deňiz derejesinden 1300 metr belentlikde ýerleşýär. Belentlik güýçli  kontinental çökündileriň gatlaklaryny özünde jemleýär. Bu gatlaklar digir-digir bolup duran toýunsow, gumdaşly, çägesöw topraklardyr. Bathyz belentliginiň günbatar tarapynyň relýefi—ýer gurluşy kuestli, ýagny ýapgytly ortaça dag, gündogar tarapy depeli dag hökmünde kesgitlenendir. Depeleriň gerişlerinde, erezlerinde, dereleriň düýbünde we çöketlik ýerlerde bolsa güberçek, keş çekilip, ekin ekip bolýan topraklar hem-de gumaksy topraklar duş gelýär. Ine, Bathyz belentligi hakyndaky käbir ylmy-geografiki maglumatlar. Belentligiň tutuş durky bolsa halk dessanlarymyzdaky waspy ýetirilýän Erem bagynyň keşbini ýadyňa salýar.

Jeren BÄŞIMOWA,
Aşgabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy.