Adamzat mydama tebigat bilen arabaglanyşykda bolýar. Ol tebigatdan üzňe hereket edip bilmeýär. Adamyň dogluşy, önüp-ösüşi hem-de ýaşaýşy tebigatyň täsiri astynda bolup geçýär.
Aslynda, tebigatda diňe «peýdaly» ýa-da diňe «zyýanly» zat bolmaýar. Adam haýsy-da bir tebigy önümi öz bähbidi üçin ýerlikli ulanyp bilse, onda peýdaly, ulanyp bilmese, ony zyýanly hasap edýär. Mysal üçin, oba hojalyk ekinlerine belli bir mukdarda zyýan ýetirýän haşal otlaryň bolmazlygy käbir jandarlaryň ýitip, ýok bolmagyna sebäp bolýar.