Tomusda diňe baglardyr ekinler däl, ýaň alymlaryň ýyl boýy çeken yhlasy hem miwe berýär. Şu gezek hem şeýle boldy. «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sanyny ele almagyňyzdan sähelçe gün öň, ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşi giň ýeňijileri yglan edildi. Olaryň sany 70-e golaýlaýar. Nesip bolsa, žurnalymyzyň geljekki sanlarynda iň saýlama ylmy gözlegleriň käbiri barada gürrüň ederis. Bu gezekki sanymyz üçin bolsa ylmy işleriň ikisini aýratyn saýlap aldyk. Sebäbi bu işler Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gönüden-göni bagly.
ADAMZAT TARYHYNYŇ ILKINJI BÖLÜMI