Suwaryşda netijeli usullar

10 Iýul 2023
1634

Häzirki döwürde ösen ýurtlar suw tygşytlaýjy täzeçil tehnologiýalar hökmünde damjalaýyn suwaryş we emeli ýagyş ýagdyrmak usullarynyň ekologik taýdan amatlydygyna doly göz ýetirdiler. Biziň ekerançylygymyzda-da bu suwaryş usullary örän bähbitlidigini görkezdi.

Suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň öz ulanylyş aýratynlyklary bolup, olary ýerli şertlere baglylykda berjaý etmek zerurdyr. Damjalaýyn suwaryş usulynda ösdürilip ýetişdirilýän ekinlerde keşara bejerginiň aradan aýrylýanlygy sebäpli, topragyň ýokarky gatlagy yzygiderli ýumşadylmaýar. Ýerasty suwuň ýeriň ýüzüne golaý gatlagyna duzuň çykmagy topragyň şorlaşmagyna getirýär. Bu usulda şorlaşjak topragyň ýuwlup durýandygy üçin onuň duzlulyk derejesi peselýär. Suw damdyryjydan näçe ara açyldygyça, suwuň hereket tizligi gowşaýar. Bu bolsa yzgarlandyrylýan meýdanyň daşynda duzuň ýygnanmagyna getirýär. Uly bolmadyk ygalyň hem şol duzlary ýuwup, aşak, kök saklaýan zolaga eltmegi we ekine zyýan ýetirmegi mümkindir. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin ýagyş ýagýan döwürleri damjalaýyn suwaryşy dowam etdirmeli. Duzlaryň kök saklanýan zolakdan aşaky gatlaklara ýuwlup gitmegini üpjün etmeli.

Döwletgeldi NURMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ylmy işgäri.