Asyry arka atan ata

7 Iýul 2023
1702

Türkmenlerde «Garryly öý — gaznaly öý» diýilýär. Bu iňňän aýdyň hem ykrar edilen durmuş hakykaty. Hudaýa şükür, il içinde muňa mysal alara öý-ojaklar kän. Bu babatda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Ak altyn geňeşliginiň Ak altyn obasynda ýaşaýan Goýçyýewleriň maşgalasy-da, tüweleme, tüýs bagty getirenlerden! Küren obanyň bir syrgynyny düzüp oturan 10 — 15 hojalyk, oba ýerinde aýdylyşy ýaly, garry öýdäki şol «gaznadan» döwlet tapýar. Şol «hazyna» bilen ol ojaklar has-da nurana, has-da döwletli! Bu hojalyklar, ömri mundan hem uzak bolsun, indi 105 ýaşy alkymlap ýören Goýçy Amandurdyýewiň nesil-nebereleriniň öýleri. Diňe bir bu syrgynyňkylar däl, ykbal-nesibesine görä, obanyň dürli ýerinde ýaşap, işläp ýören beýleki ilen-çalanlary-da, goňşy-golamdyr obadaşlary-da ýygy-ýygydan Goýçy aganyň ýanyna salama gelip, onuň durmuş, manyly ömür bilen bagly gymmatly maslahatdyr nesihatlaryny alyp gidip durlar...

Ýalynly ýyllaryň ýaşlygy

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».