Nebit we gaz ýataklarynyň önümçiliklerini talabalaýyk netijeli ýola goýmak buraw erginleriniň himiki düzümine we häsiýetlerine bagly bolup durýar. Esasan hem, önümçiligi ýokarlandyrmak, ýagny nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak üçin buraw erginleriniň ýuwudylmasynyň öňüni almak wajyp meseledir.
Buraw erginleriniň ýuwudylmasynyň öňüni almak üçin kolmatantlaryň kompozisiýasy dürli granulometriki düzümli dolduryjylar görnüşde (hek daşy, mermer, dolomit, mel, gyryndylar we beýlekiler) ulanylýar.