Mähribanlygyň nusgasy

24 Iýun 2023
1381

Bagtyýar çagalygyň ýurdy bolan eziz Diýarymyzda ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge, olaryň beden, aň-bilim, ruhy we durmuş taýdan ösüşlerini üpjün etmäge, eneligi we çagalygy goramaga uly ähmiýet berilýär. Durmuş tejribesi, sagdyn ene bolmasa, sagdyn perzendiň hem bolmajakdygyny ýyllarboýy subut edip gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda bellenilişi ýaly, ene beýikleri dünýä inderýän beýiklik, şol beýikligi bolsa, ilki bilen, mähribanlyk döredýär. Mähribanlyk ynsanda dünýäni söýmek duýgusyny oýarýar, şol duýgy hem eneden gaýdýar. Şonuň üçin-de, ene iň mähriban we mukaddes ynsan.

Zenan, ene hakda gürrüň edilende, tamdyr, tamdyr çöregi biygtyýar ýadyňa düşýär. Agzybirligiň, halallygyň, arassalygyň, milliligiň nusgasy bolan türkmen zenanlary tamdyry aýratyn mukaddeslik saýýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky: «Ir döwürlerde türkmen obasynyň deňinden geçip barýan ötegçi, ilki bilen, ondaky tamdyrlara syn edipdir. Sebäbi eger-de obada her syrgynda ýa-da her ýerräkde bir tamdyr bar bolsa, bu obanyň agzybirligini aňladypdyr» diýen sözlerini okanyňda, agzybirligiň nyşany bolan mukaddes tamdyra bolan guwanjyň, buýsanjyň has-da artýar. Tamdyrda çörek bişirilende ulanylýan suwuň-da özboluşly manysy bolupdyr. Çörek bişirilende onuň ýüzüne bäş gezek suw sepilip, birinjisi — päklik, ikinjisi — aklyk, üçünjisi — gyzyl, dördünjisi — tagam, bäşinjisi bolsa tamam suwy diýlip atlandyrylypdyr. Milli Liderimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndaky: «Howlymyzyň bir çetinde ullakan tamdyr bardy. Ejem jan günaşa diýen ýaly tamdyra çörek ýapýardy. Her gezek hem gyzgynjak çörekden goňşularymyza paýlaýardy. Şonda kiçi uýamyň eline bitin çöregi berip, ýarty çöregi hödür etmegiň türkmençilikde halanylmaýandygyny gürrüň berýärdi. Hödür eden ýarty çöregiň — ýarty rysgalyň, bitin çöregiň — bitin rysgalyň. Ejemiň maňzyňa batýan şeýle gyzykly gürrüňlerini käteler çaýlaşmaga gelýän goňşularymyz hem hezil edip diňleýärdiler» diýen ýatlamalary türkmen ýaşlaryna nusgalyk ýörelge, görelde mekdebi bolýar.

Baýramsoltan MYRADOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap geňeşiniň hünärmeni.