Nusgawy şahyr we beýik akyldar

24 Iýun 2023
2454

XVIII asyrda ýaşan türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragy beýik şahsyýetleriň biridir. Ol öz halkynyň geljegini takyk aýdyp bilipdir. Onuň ykbaly tutuş türkmen halkynyň, il-ulsunyň täleýi bilen kybapdaşdyr. Nusgawy şahyr türkmen halkynyň häsiýetini, adatlaryny, däp-dessurlaryny, ruhy dünýäsini gowy bilipdir. Olary öz döredijiliginde ussatlarça ulanyp, halka ýetirmegi başarypdyr. Bu gün Magtymguly Pyragynyň ady diňe bir Gündogar halklarynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň nusgawy şahyrlary, beýik akyldarlary, pelsepeçileri bilen deň derejede tutulýar we uly hormat bilen ýatlanylýar.

Şahyr ýaşlygyndan obadaky kiçiräk dini mekdepde kakasyndan, soňra şol ýerdäki metjidiň ymamyndan ders alypdyr. Ol ýatkeşligi we zehini bilen deň-duşlaryndan tapawutlanypdyr. Arap we pars dillerini gowy öwrenmegi kakasynyň köp ýyllaryň dowamynda ýygnap goýan kitaplaryny okamaga, gözýetiminiň giňelmegine, has durnukly bilim almagyna oňaýly täsir edipdir. Magtymguly ýaşlygyndan mukaddes «Gurhany» we hadyslary gowy öwrenipdir, ýatdan aýdyp bilipdir. Goşgy ýazmaga höwesli bolupdyr. Magtymgulynyň doganlary Abdylla bilen Muhammetsapa pajygaly ýagdaýda wepat bolupdyr. 

Şahymerdan Sary Ogly,
TDP-niň Türkmenbaşy şäher komitetiniň guramaçysy.