Döwlet Baştutanymyz tarapyndan täze, geljegi uly ýataklary gözläp tapmagyň hasabyna nebitgaz senagatynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmakda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda günbatarda Hazarýaka zolagynda nebite gönükdirilen geologiýa-gözleg, geofizika barlaglaryny işjeňleşdirmegiň möhümdigi nygtalýar. Şonuň bilen baglylykda, bu barlaglaryň täze, sanly tehnologiýalary, döwrebap enjamlary hem-de programma üpjünçiliklerini ulanmak arkaly ýerine ýetirmegiň gerekdigi aýdylýar.
Bu babatda Günbatar Türkmen çöketliginiň Günorta-Hazar nebitgazly ulgamy ýurdumyzyň suwuk uglewodorodlarynyň (nebit+kondensat) esasy bölegini, ýagny 80%-den gowragyny jemlemek bilen, çykarylýan nebitiň hem 90%-i oňa degişlidir.