Ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil ylymly-bilimli, döwrebap düşünjeli, giň dünýägaraýyşly bolup kemala gelmekleri ugrunda edilýän tagallalar öz oňyn netijelerini berýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň alýan bilimlerini çuňlaşdyrmak, hünärlere ugrukdyrmak maksady bilen döwlet we halkara derejesinde ders, taslama, ylmy bäsleşikler geçirilýär.
Öz zehinleri, ukyp-başarnyklary bilen şeýle bäsleşiklerde ýeňişden paýly ýaşlarymyzyň her bir üstünligi eziz Watanymyzyň abraý-mertebesini belende galdyrýar. Ýakynda ýaş himik mekdep okuwçylarymyzyň Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyndan ýeňişli gelmekleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr.