Ibn Battuta türkmen topragynda (Köneürgenç — Deli syýahaty)

13 Iýun 2023
1773

Orta asyrlarda yslam dünýäsi çuňňur ylym-bilime eýe bolupdyr. Muňa mysal edip, Ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanuny» kitabynyň Ýewropanyň uniwersitetlerinde 500 ýyl töweregi okuw kitaby hökmünde ulanylandygyny görkezmek bolar. Arap alymlary we syýahatçylary hem dünýä barada doly düşünjäni döretmäge çalşypdyrlar. Olaryň görnüklisi ХIV asyryň iň beýik syýahatçysy marokkoly Abu Abdylla Muhammet Ibn Battutadyr. Ol 30 ýylyň içinde Atlantik ummanyndan Ýuwaş ummanyna çenli aralykda 130 müň kilometre golaý aralygy geçip, dünýäniň 44 döwletine syýahat edipdir. Ibn Battutanyň Orta Aziýa syýahatynyň ähmiýeti, öz döwründe Marko Polonyň syýahatynyň Ýewropa üçin bolan ähmiýetinden kem bolmandyr.

Meşhur jahankeşde öz syýahatynyň dowamynda türkmen topragynda hem bolupdyr. Ol 1334-nji ýylyň güýzünde Horezm döwletiniň paýtagty Ürgenje gelýär. Şol döwürde Horezm mongol döwleti bolan Altyn Ordanyň hany Özbek hanyň golastyndady. Bu pajarlap ösýän ülkäniň hökümdary bolsa kuwwatly Noýan Gutlug Temirdi. Çingiz hanyň leşgerleriniň çozuşyndan soň uly heläkçilige uçran Ürgenç Gutlug Temiriň döwründe ekerançylygyň, söwdanyň we hünärmentçiligiň öňki şöhratyna ýene-de eýe bolupdy. Emir tarapyndan Köneürgenjiň meşhur minarasy, medrese, Nejmeddin Kubranyň aramgähi we başga-da köpsanly ymaratlar gurlupdyr.

Tirkeş AMANÝAZOW,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy.