Ylym islendik döwletiň ösüşiniň esasy sütüni bolup, bagtly geljege ýagtylyk saçýan ýoldur. Ýurdumyzda ylmyň täze gazananlary netijeli gözlegler bilen baýlaşyp, geljegi has nurana ylmy jemgyýetçiligi kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alymlarymyz dürli ugurlarda ylmy gözlegleri geçirip, dünýä ylmyna goşant goşýarlar.
Ylym bagta sary barýan ýollaryň çelgisidir, röwşen şuglasydyr. Hut şonuň üçinem bilime, ylma teşne kalbymyzdaky arzuwlarymyzy amala aşyrmak üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady bolup durýar.