Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan döwlet gurluşy strategiýasynda, milli maksatnamalarda ykdysadyýeti innowasion taýdan ösdürmäge we sanly ulgama geçirmäge hem-de netijeli inženerçilik çözgütlerine daýanmaga uly orun berilýär. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Bitarap döwletimiziň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutul-ýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär.
Ýurdumyzda «Bilim hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasat hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi ýurdumyzda ylmyň ygtybarly hukuk binýadyny döretdi. Bu kanunçylyk namalar ylym-bilim babatdaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, maksatlaryny, wezipelerini, hyzmatlaryny we onuň işini dolandyrmagyň tertibini hem-de ylmy işgärleriň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiliklerini, olaryň hünär taýýarlygyna baha bermegiň ölçeglerini, şeýle-de ylmy edaralaryň hukuk ýagdaýyny, maksatlaryny, wezipelerini we ygtyýarlyklaryny, olaryň kysymlaryny we görnüşlerini, ylmy edaralaryň işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini kesgitleýär.