Goşa garranlar

12 Maý 2023
1647

Türkmençilikde ýagşy zady göreniňde: «Bize-de nesip etsin!» diýip, ýüze sylmak asylly ýörelgedir. Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda-da ýüze sylar derejede uzak ýaşly, döwletli-döwranly adamlar sanardan kän. Biziň şu ýazgymyzyň sözbaşysyny «Goşa garranlar» diýip goýmagymyz ýöne ýere däl. Garramak bar, garramak bar. Bir maşgala baş bolup, ogul-gyz ýetişdirip, ýanýoldaşyň bilen bile garramak, hakykatdan-da, döwletlilikden nyşan.

«Garryly öý — gaznaly öý» diýip, ýönelige aýdylmaýar. Ak sakgally atalar, kümüş saçly eneler — paýhas käni, görüm-göreldäniň mekdebi. Köpügören bir danadan: «Baş gatymy, daş?» diýip soranlarynda, ol: «Baş» diýip jogap beripdir. Çünki ynsan balasy başa düşen iň agyr kynçylygy hem gaýratly ýeňip geçmegi başarýar. Uruş ýyllarynyň açlygy, horlugy, ýeter-ýetmezligi adamzat üçin ýowuz synag boldy. Şonda «Başa düşen işi başarmak gerek» diýen pähime gulluk edýän türkmen ýigitleri bilen birlikde, gyz-gelinleri hem mertligiň belent nusgasyny görkezdiler.

Galpakbaý GURBANBAÝEW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 46-njy orta mekdebiň mugallymy.