Eneler — ýaşaýşyň manysy

11 Maý 2023
1276

Eneler, bu dünýäde ýaşamagyň manysy sizden başlanýar. Elbetde, her bir ynsan ene söýgüsinden taplanýar, kemala gelýär. Öwüt-ündewleri bilen ulalýar. Durmuşda adam begenen pursatynda hem, gynananda hem ilkinji aýdýan sözi ene bolýar. Çagalykdan ilki mähir bilen gurşap, her bir zadyň zyýany-peýdasy barada ilkinji sapaklary beren käbelere ömürboýy minnetdardyrys. Şahyrlaryň döredijiligi biziň üçin iň bir täsin meýdan bolup görünýär. Şol döredijiligiň seresi ene mukaddesligidir. Şu ýerde şahyryň «Ene öz mährinden döredýär ynsan» diýen setirlerindäki ýaly, biz ene söýgüsinden kemala gelýäris. Biz ene söýgüsine, onuň mukaddesligine mähriban Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary arkaly has-da çuň  düşündik. Gahryman Arkadagymyzyň  «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda ene hakda gymmatly pikirler bar. Ene — mähriban ynsan, ýaşaýşymyzyň özeni. Olaryň aýdan her bir sözi ýüreklerimize ornap, emer-damarlarymyza baryp, süňňümize siňýär. Enäniň söýgüsi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Olar irden mähir bilen oýaryp,  päk arzuwlar bilen durmuşa ýollar, geljegiň üçin gije-gündiz dileg edip oturandyr.

Dogrudan hem ene çagasynyň üstünde gijesini gündiz edip, dileg-doga bilen kökenekdir. Durmuşda halal ýaşamagyň, päkligiň ynsanyň ýüzüniň tuwagydygyny sargyt edip oturan käbelerimizdir. Olaryň halallyga ýugrulan sözleri hakydamyzda ebedi galýar.

Sähra ATAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 79-njy orta mekdebiň okuwçysy.