Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini derňän ýokary derejeli alym, diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem daşary döwletlerde-de ylmy abraýy ykrar edilen edebiýatçy alym Baýmuhammet Garryýew edebi mirasymyzy içgin öwrenip, ony ile ýaýmakda uly iş bitiren meşhur alymlaryň biridir.
Onuň halkymyzyň asyrlarboýy toplan edebi mirasyny öwrenip, ony halkymyza ýetirmekde bitiren işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ol ata-babalarymyzdyr ene-mamalarymyzyň döreden edebi mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan folklor eserlerini ýurdumyzyň dürli künjeklerinden toplap, ýazga geçiren nusgawy edebiýatymyzyň halkdan ýazyp alan eserlerini kätiplerdir hatdatlaryň ýazan golýazmalaryndan göçürip, düşnükli bolar ýaly täze ýazuwda türkmen halkyna ýetirmekde uly işleri bitiripdir.