GALYNDY DUZLARDAN ZYÝANSYZLANDYRYJY ÖNÜME ÇENLI

4 Maý 2023
1672

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň himiki tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Batyr Atdaýew ylmy gözlegleri geçirip, Garlyk kaliý dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynda galyndy bolup galýan duzlardan zyýansyzlandyryjy serişdäni öndürip boljakdygyny subut etdi.

Ýer ýüzünde bakteriýalara garşy sabynlaryň ýüzlerçe görnüşi bar. Sabynyň şeýle görnüşini taýýarlamakda esasy ulanylýan düzüm bölekleri triklozan bilen triklokarbandyr. Ýaş alym Türkmenistanda (megerem, dünýäde) ilkinji bolup, adaty sabyna bakteriýalara garşy durýan häsiýeti bermek üçin erik ýapragyndan peýdalandy.

Maral AKMYRADOWA,
«Türkmen gündogary» gazetiniň uly habarçysy.