«Sadajanyň» şirin önümleri

27 Aprel 2023
1557

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, olaryň öndürýän önümlerini içerki we daşarky bazarlara çykarmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän özgertmeleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Arkadagly Serdarymyz bu barada: «Döwletimiziň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna aýratyn orun degişlidir. Biz ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmegi netijesinde döwrebap özgertmeleri gyşarnyksyz dowam etdirýäris. Hususy eýeçiligiň ornuny düýpli ýokarlandyrmakdan ugur alyp, telekeçilere berilýän döwlet goldawlaryny mundan beýläk-de dowam etdireris» diýip belläp geçýär. Şeýle kömek-goldawlardan ýerlikli peýdalanyp, welaýatymyzda bu ugurda iş alyp barýan hususy kärhanalaryň ençemesi hereket edýär. Olaryň biri-de Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Sadaja» hususy kärhanasydyr. Biz bu kärhananyň iş dolandyryjysy Bägül Aşyrowa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol kärhananyň alyp barýan işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi.

— Hususy kärhanamyzyň öz işine başlanyna köp wagt bolmandygyna garamazdan, öndürýän we halka ýetirýän önümleri ýokary hilliligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Kärhanamyzda şu ýylyň başyndan bäri jemi 381 müň 300 manatlyk önüm öndürildi. Bu ýerde 17 görnüşli süýji-köke önümleri öndürilip, olaryň hatarynda bally köke, bally epme, ak köke, paýtagt bulkasy, gülýaka köke, şokaladly, biskwitli epme, biskwit ruleti, maňyzly biskwit epmesi, bally, kokosly köke, miwelidir şokoladly tortlaryň dürli görnüşleri, beýleki önümler bar. Kärhanamyzda müşderileriň ýörite buýurmalary esasynda hem süýji-köke önümleri öndürilýär. Öndürilýän önümler welaýatymyzyň ähli etraplaryna, şonuň bilen birlikde, ýörite niýetlenen sowadyjylarda Lebap we Mary welaýatlaryna hem ugradylýar diýip, Bägül aýtdy.

Raziýa GAÝYPJANOWA,
«Daşoguz habarlary».